- barlyşmak
- işlik1) Ylalaşyk guramak, ýaraşyk etmek, aragatnaşyk saklamak.∙ Gyrlyşmakdan peýda ýok, barlyşalyň -- diýdi. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)∙ Barlyşmaly ýa yza çekilmeli -- diýip, teklip edenleriň her birine ol üzül-kesil jogap berdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)2) Iki taraplaýyn razy bolmak, razylaşmak.∙ Olar barlyşypdyrlar.3) Durmuş gurmak, är-heleý bolmak.∙ Sen ýene Ýelli bilen barlyşaýsaň, niçik bolýar? (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)∙ Onýyllyk mekdebi-de bile gutaryp, biri-biri bilen söýşüp barlyşdylar. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.